- garma-gürmelik
- [ga:rma-gürmelik]Adamlaryň tertipsiz üýşmeleňi, aýdyň dällik, bir hili boýlan bulaşyklyk, başagaýlyk.∙ Şol garma-gürmelik netijesinde, türmede oturan komissarlar boşap, narohoda oturypdyrlar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Men bolsam garma-gürmelikden peýdalanyp, niredesiň medpunktuň wraçy diýip at salaýandyryn. («Tokmak» žurnaly)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem garma-gürmelik - garma-gürmeligi.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.